Habarlar / Habarlar
Türkmen kärhanalary Moskwada geçiriljek “RosBuild 2025” sergisine çagyryldy

Türkmen kompaniýalary Moskwa şäherinde 11 – 14-nji mart aralygynda geçiriljek “RosBuild 2025” atly gurluşyk pudagynyň sergisine gatnaşarlar. Ol türkmen işewürlerine öz önümleri bilen tanyşdyrmaga we Russiýanyň gurluşyk düzümleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikleri döreder. 

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen telekeçilerini degişli ugurda 400-den gowrak kompaniýanyň, 19 müň hünärmeniň we 4 müň sany hem dürli wekiliň gatnaşmagyna garaşylýan “RosBuild 2025” atly gurluşyk pudagynyň sergisine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär. 

Onda türkmen önüm öndürijileri özleriniň harytlary bilen tanyşdyrarlar we täze işewürlik hyzmatdaşlygy ýola gomak maksady bilen “B2B” görnüşdäki eksport gepleşiklerine gatnaşarlar. 

2019-njy ýylda geçirilip başlanylan “RosBuild” sergisi Russiýanyň gurluşyk pudagynda möhüm ähmiýetli çäredir. Täze gurluşyk serişdeleri we tehnologiýalary bilen tanyşdyrýan, özara gatnaşyklary ýola goýmak we işewürlik ylalaşyklary baglaşmak üçin ähmiýetli mümkinçilikleri döredýän bu sergu dünýäniň ähli ýerinden degişli ugurdaky hünärmenlerini bir ýere jemleýär. 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy