Habarlar / Habarlar
Kiýewde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Sişenbe güni Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre gurady. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Dabara bu ýurtda ýaşaýan türkmenler, Kiýewiň kitaphanalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, žurnalistler hem-de neşirýat wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew özüniň çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjyny goldandygyny belledi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesniň ähmiýeti, ýurduň halkara giňişlikde ýeten sepgitleri, durmuş-ykdysady ösüşdäki, şol sanda energetika, ulag, medeniýet, lukmançylyk we bilim ulgamlaryndaky üstünlikleri barada durup geçdi.

Ilçi şeýle hem Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň kabul eden “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” we “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamalary barada gürrüň berdi. Onuň bellemegine görä, bu Kararnamalary kabul etmäge dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagy Türkmenistany ählumumy parahatçylygy berkitmek boýunça tagallalara has-da işjeň gatnaşmaga iterýär.

Dabaranyň maksatnamasynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusy labyzly okaldy, ilçihananyň diplomatik işgärleriniň çykyşlaryna hem-de aýdym-sazlara giň orun berildi. Serdar Derekowyň ýerine ýetirmeginde dutarda ýaňlanan türkmen sazy täsirli duýgulary galdyrdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň milli gymmatlyklarynyň, şeýle hem däp bolan saz gurallaryň, halylaryň, şaý-sepleriň, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň we fotosuratlaryň sergisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain diline terjime edilen eserelerine hem-de Magtymguly Pyragynyň dünýäniň dürli dillerindäki kitaplaryna hem giň orun berildi.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy