Habarlar / Habarlar
BMG-niň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan bu çärä BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady. Şu ýyl ýurdumyz 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalar bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyny toýlaýar.

Açylyş dabarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi Miroslaw Ýença, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Siwilizasiýalar bileleşigi boýunça Baş sekretaryň ýokary wekili Migel Anhel Moratinos, Baş sekretaryň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň Başlygynyň edarasynyň ýolbaşçysy Aýwor Riçard Fang çykyş etdiler.

Miroslaw Ýença BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak we gepleşik medeniýetini ösdürmekde Türkmenistanyň esasy ornuna ünsi çekip, Türkmenistanyň Baştutanyna sebit we dünýä derejesinde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda öňe sürlen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi bilen bagly garaýyşlaryny beýan etdiler. Şu ýylda geçirilmeli çäreler barada pikir alyşmalar boldy.

Hususan-da, 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda tagallalary birleşdirmek we ählumumy parahatçylyk medeniýetini berkitmek boýunça geljekki anyk ädimleri işläp düzmek üçin tutuş dünýäden wekilleriň gatnaşmagynda Parahatçylyk we ynanyşmak boýunça halkara forumynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Çäräniň ikinji bölüminde  Goşulyşmazlyk Hereketiniň adyndan Ugandanyň, “77 toparynyň” adyndan Yragyň, Arap toparynyň adyndan Müsüriň, BMG-niň Düzgünnamasyny goramak üçin dostlar toparynyň adyndan Wenesuelanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň we beýleki wekiliýetleriň çykyşlary diňlenildi.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna esaslanýan “Ýol kartasyny” goldadylar, şeýle-de  parahatçylygy goramagyň esasy şerti hökmünde ynanyşykly döwletara we halkara gepleşikleri pugtalandyrmak maksady bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Bu çäre Türkmenistanyň ählumumy maksatlary – parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi gazanmak ugrunda halkara jemgyýetçiligi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar.

YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan karanama kabul edildi
Türkmen kärendeçileri Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý tabş...
Türkmen kärendeçileri Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar
Iýun II hepde: Eksport geleşikleri $33 milliona golaýlady...
Iýun II hepde: Eksport geleşikleri $33 milliona golaýlady
Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen telefon söhbetd...
Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady...
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygy ...
Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär
Aşgabatda türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi geçirildi...
Aşgabatda türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi geçirildi
Szinhua şäherinden ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan üstaşar geçer...
Szinhua şäherinden ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan üstaşar geçer
Türkmenistanyň Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy bilen hyzmatdaşlygynyň ...
Türkmenistanyň Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi maslahatlaşyldy
Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen birnäçe duşuşy...
Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi