Habarlar / Habarlar
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ilkinji gäminiň «Keel Laying» dabarasy geçirildi

“Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň" esasy işi deňiz desgalaryny abatlamak we gurmakdan ybarat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek, ulag toplumynyň gerimini we mümkinçiligini giňeltmek, hususanda deňiz we derýa ulaglarynyň kuwwatlygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de,  gämi gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça edýän tagallalary bilen iki sany gury ýük gämileriniň bilelikde gurulmak işi güýçli depginde dowam edip dur.

2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gämi gurluşygynda möhüm tapgyra ýetildi – gurulýan gämileriň ilkinji bloklary gurluşyk meýdançasyna çykaryldy. Bu tapgyr zawodyň hünärmenleriniň ýokary hünärleriniň we ulanylýan tehnologiýalaryň netijeliliginiň subutnamasy bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ilkinji gäminiň «Keel Laying» dabarasy geçirildi. Dabara «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyň ýolbaşçylary hem-de zawodyň hyzmatdaş kompaniýasy bolan, Günorta Koreýanyň  «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň Prezidenti  Choi Young Uook  hem gatnaşdy.

«Keel Laying» dabarasy, täze gäminiň gurluşygynyň başlangyjy bolan dabaraly waka bolup, bu waka geçmişden şu güne çenli gämileriň gurluşygynda iň möhüm wakalaryň biridir. Bu dabara täze gäminiň döremegini alamatlandyrýan gämi gurluşygynyň örän ähmiýetli tapgyry bolup durýar.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy