Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda çäreleri ýokary derejede guramak boýunça döwlet topary döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçirilen nobatdaky mejlisinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň we jogapkärli agzasy hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy aýratyn ähmiýetlidir diýlip, kabul edilen resminamada nygtalýar.

Topar daşary ýurtlar we halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek giň ugurlar boýunça halkara we milli çäreleriň, şol sanda forumlaryň, maslahatlaryň, dabaraly çäreleriň ýokary derejede guralmagy ugrunda iş alyp barar.

Perman arkaly toparyň düzümi hem tassyklanyldy. Bu topar ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramçylyk derejesiniň üpjün edilişine gözegçilik eder.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy