Habarlar / Habarlar
Özbegistan Türkmenistandan gelen ýük ulaglary üçin giriş töleglerini ýokarlandyrdy

2025-nji ýyl üçin Özbegistanyň döwlet býujeti baradaky kanunyna laýyklykda, hökümet respublikanyň çägine daşary ýurt ýük ulaglarynyň girmegi üçin töleg nyrhlaryny täzeden gözden geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýty  habar berýär.

Türkmenistanda hasaba alnan ýük ulaglary üçin ýük göterijiligine baglylykda täze nyrhlar kesgitlenildi:

10 tonna çenli — $130 (öňki $50 ýerine)

10-dan 20 tonna çenli — $180 (öňki $100 ýerine)

20 tonnadan ýokary — $250 (öňki $150 ýerine)

Beýleki ýurtlardan gelen ulaglar üçin nyrhlar öňki derejesinde galdy:

Owganystan — $50

Täjigistan — $100-200 (ýük göterijiligine baglylykda)

Gazagystan we Gyrgyzystan — $300

beýleki ýurtlar — $400

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag edaralary, ulag hyzmatlary üçin tölegleri deň we aç-açan esasda almak barada ylalaşyk gazandylar. Bar bolan maglumata görä, 2025-nji ýyldan başlap iki ýurduň milli daşaýjylary üçin tölegler deňleşdiriler.

Şeýle hem ýurtlaryň arasynda elektron rugsatnama alyş-çalyş ulgamyny (E-Permit) ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle ulgamlaryň eýýäm Özbegistan, Türkiýe we Gazagystan bilen ýük daşamak ulgamynda işleýändigi habar berilýär.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy