Habarlar / Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar!

Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.

Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy ähli dost-doganlyk halklar bilen bilelikde bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilen işler ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam etdi. Bu işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Bu ýyl halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyl boldy. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köp sanly desgalar we binalar gurlup ulanmaga berildi. Sanly ulgama esaslanýan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Bu ugurdaky işler halkara giňişlikde hem uly goldaw tapýar. Arkadag şäheri abraýly halkara baýraklara yzygiderli mynasyp bolýar. Häzirki döwürde iri şäherdir obalar gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurulýar.

Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Hormatly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Halk Maslahatynyň mejlisinde birnäçe il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli Permandyr Kararlar kabul edildi. Täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu beýik, tutumly işler bolsa berkarar döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.

Hormatly adamlar!

Geçip barýan ýylda biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimini has-da giňeltdik. Bu ugurdaky asylly işler geljekde-de dowam etdiriler. Gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde ýaşulularymyz hem berkarar döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka giňden wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde uly goldaw berýärler.

Eziz watandaşlar!

Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny diňläris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ýylyna — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basarys.

Geljek ýylda hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçireris. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin biziň her birimize uly jogapkärçilik düşýändigini unutmaly däldiris. Biziň her birimiz eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys.

Hormatly adamlar!

Pursatdan peýdalanyp, sizi ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her biriňize berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw edýärin.

Mähriban halkym!

Täze ýylda hem ýurdumyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşly bolmagyny arzuw edýärin. Nesip edenden, Täze ýyl her birimize rysgal-bereket getirsin! Täze ýylyňyz gutly bolsun!

(Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi)

Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi guralar...
Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi guralar
Türkmenistan bilen Eýran ulag we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geç...
Türkmenistan bilen Eýran ulag we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geçirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada geçiriljek halkara çäreleriň guramaçylygy...
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada geçiriljek halkara çäreleriň guramaçylygy bilen tanyşdy
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 17,6 milliard manatd...
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 17,6 milliard manatdan geçdi
Azerbaýjanyň “Görogly” tankeri abatlaýyş işlerinden soň Türkmenistan...
Azerbaýjanyň “Görogly” tankeri abatlaýyş işlerinden soň Türkmenistana gatnawlaryny dikeltdi
Türkmenistan we Eýran Sarahs geçelgesi arkaly ýük daşamalaryny artdyrmagy ...
Türkmenistan we Eýran Sarahs geçelgesi arkaly ýük daşamalaryny artdyrmagy ylalaşdylar
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahat...
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Ýanwar–noýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyş...
Ýanwar–noýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Sank...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga bardy
Türkmenistan bilen Ýaponiýa göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatla...
Türkmenistan bilen Ýaponiýa göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy