Habarlar / Habarlar
Türk aýdymçysy Murat Boz Aşgabatda konsert berdi

25-nji dekabrda Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda türkiýeli tanymal aýdymçy we aktýor Murat Boz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert maksatnamasy bilen çykyş etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bu onuň 11 ýyllyk arakesmeden soň Türkmenistandaky ikinji çykyşydyr. Ol ilkinji gezek 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygy mynasybetli guralan baýramçylyk konsertinde çykyş edipdi.

«Diňleýjileriň, muşdaklaryň bilen ýürekdeş bolsaň, aragatnaşyk saklasaň, olaryň näme isleýändigini, seniň haýsy eserleriňi halaýandyklaryny bilmek mümkin. Şundan ugur alyp, men şu günki konserte diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan aýdymlary, soňky ýyllarda döreden eserlerimi sowgat getirdim. Çykyşlarymyň käbirini türkmen milli lybaslarynda ýerine ýetirdim. Bu bolsa tomaşaçylar bilen ruhy arabaglanyşygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berdi. Olaryň aýdymlaryma goşulyp, bilelikde ýerine ýetirmekleri meni has-da joşdurdy. Şu günki çykyşymdan örän uly ruhy lezzet aldym. Konsert maksatnamasy türkmenistanly diňleýjilerimiň göwnünden turandyr diýip umyt edýärin» diýip, Murat Boz gazetiň habarçysy bilen söhbetdeşlikde belleýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtlaryň belli estrada ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän Täze ýyl baýramçylyk konsertleri 28-nji dekabra çenli dowam eder. Indi bolsa russiýaly belli aýdymçy Arsen Şahunsyň, Gülşen Baýraktaryň, tunisli aýdymçy Amani Swissiniň şowhunly çykyşlary Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanhanlary üçin ajaýyp Täze ýyl sowgadyna öwrüler.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy