Habarlar / Habarlar
«Berkarar» Söwda-dynç alyş merkezinde Täze ýyl ýarmarkasy we ussatlyk sapaklary başlanýar

Aşgabadyň «Berkarar»Söwda-dynç alyş merkezine barýanlar 30-njy dekabra çenli dowam etjek Täze ýylyň öňüsyrasyndaky täze maksatnama badalga berlendigini eýýäm bilýändirler. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde bu ýere gelýänlere şäheriň öňdebaryjy döredijilik studiýalarynyň hünärmenleri tarapyndan dürli ussatlyk sapaklary garaşýar.

NurArt kompaniýasy toýundan şekil ýasamak boýunça we küýze edilýän aýlaw abzalynda işlemegi öwredýän sapaklary geçirýär, Demisa studýasy şambala bileziklerini taýýarlamagy öwredýär, «Ýenme» şereketiniň ussatlary bolsa kökelere we şoperlere şekil ýazmagyň usullaryny paýlaşýarlar. «Businki» döredijilik ussahanasy Täze ýyl bezeglerini taýýarlamak boýunça sapaklary guraýar.


Kitap söýüjiler «Gujurly bookstore» we «RuhSara bookhouse» tarapyndan geçirilýän kitap bazarlaryna gatnaşyp bilerler. Şeýle-de meýdançada adaty «Ussatlaryň bazary» hereket edýär.

Baýramçylyk gurşawyny Bossan Concept kompaniýasy tarapyndan bezelen fotosuratlaryň zolaklary has-da baýlaşdyrýar.

Şu gün, 21-dekabrda, sagat 19:00-da ýaş myhmanlary Minecraft we «Lady Bag we Super Kot» multfilminiň meşhur oýunlary boýunça örän gyzykly kwestlere gatnaşmaga çagyrýarlar. Çaltrak goşulmaga howlugyň!

Çäreler söwda merkeziniň arka tarapyndaky awtoduralganyň ýanyndaky meýdançada geçirilýär.

Ussatlaryň bazary 13:00-dan 20:00-a çenli işleýär, ussatlyk sapaklary 16:00-20:00 aralygynda geçirilýär, kwestler bolsa sagat 19:00-20:00 aralygynda guralýar.

Giňişleýin maglumatlar üçin (+993 63) 50 15 51 belgi boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Baýramçylyk we döredijilik çärelerimize gatnaşyň!

 

 


 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy