Habarlar / Habarlar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Deli we Aşgabat – Jidda ugurlary boýunça uçuşlarynyň sanyny köpeldýär. Degişli maglumatlar awiakompaniýanyň resmi saýtyndaky täzelenen halkara uçar gatnawlarynyň tertibinde çap edildi.

Aşgabat – Deli – Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar 22-nji dekabr, 29-njy dekabr, 4-nji ýanwar, 11-nji ýanwar we 18-nji ýanwar günlerine meýilleşdirilýär. Aşgabat – Jidda – Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar bolsa 24-nji dekabr, 4-nji fewral we 11-nji fewral günleri amala aşyrlar.

Häzirki wagtda awiakompaniýa Deli we Jidda şäherlerine hepdede iki gezek yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Ähli içerki we halkara uçuşlaryna biletleri turkmenistanairlines.tm saýtynda onlaýn görnüşde satyn almak üçin elýeterlidir.

Görkezilen ugurlardan başga-da, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Dubaý, Abu-Dabi, Pekin, Bangkok, Hoşimin, Kuala-Lumpur, London, Frankfurt, Milan, Moskwa we Stambul şäherlerine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar.


 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy