Habarlar / Habarlar
«Türkmen Berk–Metal» Türkmenistanda ekologik taýdan howpsuz öý himiýa serişdelerini öndürýär

«Türkmen Berk–Metal» hususy kärhanasy Türkmenistanda we ýurduň çäginden daşarda hojalyk himiýa serişdeleriniň bazaryndaky ornuny barha pugtalandyrmagy dowam etdirýär. Zawod halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli ýuwujy serişdeleriň giň assortimentini öndürýär.

Kärhana önümleriniň daşky gurşawa howpsuzlygyna aýratyn üns berýär. «Türkmen Berk–Metal» kärhanasynyň önümleriniň ählisi fosfat we hlor ulanylmazdan öndürilýär. Bu bolsa serişdeleriň daşky gurşaw we sarp edijileriň saglygy üçin howpsuz bolmagyny üpjün edýär. Kärhana serişdeleriniň tebigata ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirilen innowasion tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrýar.

«Türkmen Berk–Metalyň» önümleriniň assortimenti şulardan ybarat:

- kir ýuwujy serişdeler: «Emaý», «Güneş», «Sar», «Ari» we «Arýa» haryt nyşanly el bilen we awtomatiki usulda ýuwmak üçin niýetlenen, dürli gaplamalarda 350 gramdan — 25 kilograma çenli göwrümde bolan serişdeler.

- gaplary we dürli ýerleri ýuwujy serişdeler hem-de arassalaýjylar: menekleri aýyrýan, gaty gatlaklar üçin suwuk arassalaýjylar we ýuwujy serişdeler, agardyjylar, kanalizasiýalary arassalamak üçin suwuk we poroşok görnüşli arassalaýjylar, şeýle hem antibakterial dezinfeksiýa serişdeleri.

Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 50 000 tonna çenli ýokary hilli ýuwujy serişdeleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Döwrebap enjamlar we innowasion tehnologiýalar önümleriň hiliniň ýokary bolmagyny we halkara ülňülerine laýyk gelmegini üpjün edýär.

«Türkmen Berk–Metal» HK-nyň önümleri Türkmenistanyň ähli künjeklerinde alyjylara ýetirilýär. Bu önümleri islendik dükanyň tekjesinden we ýurduň islendik söwda merkezinden tapyp bilersiňiz. Kärhana önümlerini her bir sarp ediji üçin mümkin boldugyça elýeterli etmäge çalyşýar.

«Türkmen Berk–Metal» kärhanasynyň önümleriniň diňe bir içerki bazarda ýerlenilmän, eýsem Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Russiýa Federasiýasy, Estoniýa we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara hem eksport edilýändigini bellemelidiris.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 56-njy jaý;
  • telefon belgileri: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
  • web saýty: turkmenberk-metal.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • elektron poçta salgysy: tberkmetal@gmail.com.


 

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi