Habarlar / Habarlar
Magtymgulynyň goşgularynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň käbir ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde dabara mynasybetli sergi guraldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary görkezildi. Suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Ermeni tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynda aýratyn orun eýeleýär. Onuň goşgulary parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýär we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär. Türkmen topragy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetleri bilen meşhurdyr. Olaryň edebi mirasy häzirki günde-de öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Magtymguly Pyragy umumadamzat ähmiýetli taglymlary bilen dünýä edebiýatynyň hazynasynda müdimilik orun aldy. Onuň döredijilik mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek bilen bagly işler giň goldawa eýe bolýar. Şahyryň goşgularynyň ermeni diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Şahyryň geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy mirasydyr. Şonuň üçin Magtymgulynyň şahyrana mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi diýip, çykyşlarda bellenildi.

Beýik türkmen söz ussadynyň goşgular ýygyndysynyň ermeni diline terjime edilmegi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hem-de dostlugy pugtalandyrmakda nobatdaky ädim boldy diýip, çeşme belleýär.


 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy