Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Şu günler Aşgabatda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär. TDH-nyň habar berşi ýaly, Medeniýet günleriniň baý maksatnamasy köpdürli çäreleri öz içine alýar hem-de gazak halkynyň medeniýetiniň, sungatynyň gazananlary we geljekki meýilleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýär. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, belli halk aýdymçylarydyr sazandalar, häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, tans toparlary, teatr sungatynyň işgärleri girýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda Kurmangazy adyndaky Gazak halk saz gurallary milli orkestriniň konserti tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýle hem sahnada dünýäniň nusgawy kompozitorlarynyň simfoniýalary, kantatalary, folklor äheňleri ýerine ýetirildi.

Aşgabadyň «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Roza Baglanowa adyndaky Döwlet akademiki konsert guramasynyň aýdym-saz toparynyň çykyşy boldy. Tomaşaçylar zehinli artistleriň ussatlygyny şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.

Kino sungatyna sarpa goýýanlar «Aşgabat» kinoteatrynda gazak kinematograflarynyň «Beýik ýaýlanyň säheri», «Paralimpiýaçy» atly kinofilmleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Şu gün, 9-njy oktýabrda aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konsertine tomaşa edip bilerler. Medeni çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar Aşgabadyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.

Belläp geçsek, iýun aýynda Gazagystanda-da Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilipdi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy