Habarlar / Habarlar
Türkmen wekiliýeti Tbiliside geçirilýän AÖB-nyň 57-nji duşuşygyna gatnaşýar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Aziýa Ösüş Bankynyň her ýylky 57-nji duşuşygyna gatnaşýar.

2024-nji ýylyň 2–5-nji maýy aralygynda “Geljegiň köprüsi” atly bu forum Tbilisi şäherinde ilkinji gezek geçirilýär.

Oňa AÖB-nyň 68 sany agza ýurtlaryndan 4000-e golaý wekil, şol sanda AÖB-nyň prezidenti Masasugu Asakawa, maliýe ministrleri, merkezi banklaryň dolandyryjylary, ýokary derejeli hökümet işgärleri, şeýle hem hususy pudagyň, ylmy jemgyýetiň we KBHS-nyň wekilleri gatnaşýarlar.IMG-5035.jpg

Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi, emeli intellekt, ýaşyl globallaşma, ykdysady ýagdaýlar, sebit hyzmatdaşlygy hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ösüşiniň we beýleki birnäçe esasy meselelere seredýärler.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň işjeň ösüşini, şeýle hem 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ýokarlandygyny belläp geçmelidiris. Forumyň çäginde dürli çäreler, seminarlar we çykyşlar gurnalar.


 

Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar
Aşgabat şäherinde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady