Habarlar / Habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

Şu gün Aşgabatda ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Bu barada TDH ýazýar.

Köpugurly gözden geçiriliş “Garagum” myhmanhanasynyň arkasyndaky sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Arkadag we  Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Sergi meýdançasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 21-nji sentýabra çenli öz işini dowam etdirer.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy