Habarlar / Habarlar
Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh açylyp ulanmaga berler

şäheriniň "Parahat-7" ýaşaýyş toplumynda her biri 54 öýli 4 sany 9 gatly hem-de her biri 36 öýli 9 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we seýilgähiň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün, 13-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna, şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurduň paýtagtynda alnyp barylýan işler bilen bagly hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurduň baş baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek hem-de baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalary abatlamak, olaryň ýanaşyk ýerlerini, seýilgähleri, baglary, suw çüwdürimlerini abadanlaşdyrmak, şeýle hem bezeg güllerini ekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şäheriň baýramçylyk bezegine bolsa aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurduň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan taryhy waka – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine-de hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanda, şol sanda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde berkarar türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden geçirmegiň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany wise-premýere Aşgabatda bezeg we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk dowam etmegi tabşyrdy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy