Habarlar / Habarlar
Türkmenistan özbek halylaryny iň köp import edýän ýurtlaryň hatarynda

2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenistandan Özbegistandan iň köp haly import eden döwletleriň onlugyna girdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, hasabat döwründe Türkmenistan Özbegistandan umumy meýdany 38,7 müň inedördül metre deň bolan haly satyn alypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurtdan iň köp haly satyn alan ýurtlaryň arasynda 7-nji orny eýeläpdir.

Sanawyň ilkinji bäşliginde Azerbaýjan (1 million 226,5 müň inedördül metr), Gyrgyz Respublikasy (1 million 108 müň inedördül metr), Owganystan (807,3 müň inedördül metr), Russiýa (542,5 müň inedördül metr) hem-de Gazagystan (328,7 müň inedördül metr) ýaly ýurtlaryň ady bar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 7 aýynda Özbegistan umumy bahasy 13 million amerikan dollaryna deň bolan 4,3 million inedördül metr halyny daşarky bazarlara eksport edipdir.


 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy