Habarlar / Habarlar
«Ýörite geýimler dünýäsi» 180 müňden gowrak önüm öndürmegi meýilleşdirýär

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasynyň işleri barha ilerleýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, 2016-njy ýylda esaslandyrylan bu kärhanada edara-kärhanalar üçin ýörite iş geýimleri tikilýär. Öz işlerini lukmanlara we şepagat uýalaryna niýetlenen lukmançylyk geýimlerini tikmekden başlan bu kärhana häzirki wagtda gerimini has-da giňeldip, bilim ulgamynda, senagat kärhanalarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz üçin ýörite geýimleri, şeýle hem sport eşiklerini ýokary hil derejesinde öndürýär. Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän dürli hili ýörite geýimleriň görnüşleriniň 100-den geçmekligi ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Önümçiligiň geriminiň giňelmegi netijesinde kärhanada zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň sany hem barha artýar, ýagny häzirki döwürde olaryň sany 100-den geçipdir. Önümçilik depgini barha güýçlenýän bu hususy kärhanada bir ýylyň dowamynda 250 müňe çenli ýörite geýim öndürilýän bolsa, üstümizdäki ýylda bu ýerde öndürilen önümleriň sany eýýäm 180 müňden geçipdir.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy