Habarlar / Habarlar
Künjek kän müdirligi 1 million tonnadan gowrak dürli görnüşli ownuk çagyl öndürýär

Lebap welaýatynda «Türkmendaşlary» önümçilik birleşigine degişli bolan Künjek kän müdirligi her ýylda magdan däl daşlaryň 640 müň kub metrini gaýtadan işläp, 1 million tonnadan gowrak dürli görnüşli ownuk çagyl öndürýär.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilişine görä, müdirlige çig mal almak üçin bölünip berlen 200 gektar meýdandan dürli görnüşli tehnikalaryň kömegi bilen gazylyp alynýan daşlar gaýtadan işlenilende, sarp edijiniň islegi nazara alynýar. Has takygy, haýsy görnüşli çagla isleg uly bolsa, şol önüm beýlekilerden köp öndürilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň dag-magdan senagaty üçin zerur bolan önümleriň ep-esli möçberi hut şu sebitden alynýar. Demir ýol çekilende ulanylýan gyýçak daşlar hem hut şu kärhananyň önümleridir. Netijede, bu ýerde öndürilýän selestin, karbit, gýuşa daşlary, gipsokarton, dürli maksatly gury garyndylardyr reňk önümleriniň hatary geljekde has-da artar.

Sebitde gözleg we anyklaýyş işlerini geçiren alymlar, «Köýtendag» geologiýa-gözleg ekspedisiýasynyň hünärmenleri bu ýerlerde Mendeleýewiň periodik tablisasynda görkezilen elementleriň 30-a golaýynyň bardygyny aýdýarlar diýlip, makalada bellenilýär.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy