Habarlar / Habarlar
Astrahanda «Türkmenistanyň güni» geçirildi

17 — 31-nji awgust aralygynda Astrahan şäherinde geçirilýän «Hazar möwsümleri» atly halkara festiwalyň çäklerinde 24-nji awgustda «Türkmenistanyň gününe» bagyşlanyp, Astrahan flarmoniýasynda konsert geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygy habar berýär.

Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary türkmen milli aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Medeni çärä Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar we medeniýet ministrleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, türkmenistanly talyplar hem-de ýerli ilat gatnaşdy.

Konsert tomaşaçylarda türkmen milli aýdym-saz sungaty barada ýakymly ýatlama galdyrdy diýlip, habarda bellenilýär.

Konsertiň çäginde filarmoniýanyň eýwanynda Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň işgärleri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy