Habarlar / Habarlar
“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurduň şu raýatlary “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Mähri Agaýusupowna Hommetnazarowa;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň dutar mugallymy Baýramgeldi Ýazgeldiýewiç Atadurdyýew;

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň saz mugallymçylygy bölüminiň mugallymy Bagtyýar Allaberdiýewiç Täçdurdyýew;

Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Jumaguly Nurmyrat ogly Ataýew;

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň mugallymy Gülbahar Allamyradowna Bagşyýewa;

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Gurbanmyrat Aşyrmuhammedowiç Hojamgulyýew;

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher çagalar sungat mekdebiniň milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Sahydursun Aýdogdyýewna Mätiýewa;

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutarçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Dawut Tutmyradowiç Gulbaýew;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Dünýägözel Berdibaýewna Gutlyýewa;

çagyryş boýunça harby gullukçy Bezirgen Merdan ogly Kakaýew;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby Akjemal Aganyýaz gyzy Halmyradowa;

Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Mergen Arslangulyýewiç Asdanow;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Kerim Täçmuradowiç Pirnepesow;

Mary welaýatynyň Mary etrap medeniýet bölüminiň Diýar geňeşligindäki Kelteler oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Söhbet Tirkişowiç Çopanow.

TDH-nyň habar berşi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmek, kämil aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ajaýyp döwrüň beýik ösüşlerini, halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny wasp etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi TOPH we TOP taslamalarynyň ýagdaýyny ma...
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi TOPH we TOP taslamalarynyň ýagdaýyny maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Owganystan söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýär...
Türkmenistan we Owganystan söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýär
Türkmenistanyň we Gruziýanyň uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maslahatlaşyldy
Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi...
Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
Türkmenistan Eýranyň demirgazyk portlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürm...
Türkmenistan Eýranyň demirgazyk portlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti KHDR-nyň we Täjigistanyň ýolbaşçylaryny milli ...
Türkmenistanyň Prezidenti KHDR-nyň we Täjigistanyň ýolbaşçylaryny milli baýramlary bilen gutlady
Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçiriler...
Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçiriler
Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparlary özara göni gatnaşykl...
Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparlary özara göni gatnaşyklary ösdürmekçi
Türkmenistan bilen Eýran üstaşyr ýük daşamalaryny 20 million tonna ýetir...
Türkmenistan bilen Eýran üstaşyr ýük daşamalaryny 20 million tonna ýetirmekçi
Türkmenistan Hytaýyň Milli Energetika Dolandyryş Edarasy bilen hyzmatdaşlyg...
Türkmenistan Hytaýyň Milli Energetika Dolandyryş Edarasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar