Habarlar / Habarlar
Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurduň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi

24-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen ýurduň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de täze 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, maslahat başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar hem-de bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. Sergi Türkmenistanyň bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanyp, ýurtda bu ulgamy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezdi.

Soňra maslahat öz işine başlap, onda ýurduň bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryna we dürli derejeli wekillerine çykyş etmekleri üçin söz berildi.

2023-2024-nji okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi we onuň ähli derejeleriniň yzygiderliligi üpjün edildi diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda 2024-2025-nji täze okuw ýylyndan iň gowy dünýä we milli tejribeleri esasynda bilim özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga berildi.

Mundan başga-da, çykyşlarda ýurduň bilim ulgamynyň aýrylmaz bir bölegi bolan mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralary tarapyndan çagalaryň we ýetginjekleriň ukyplaryny, zehinini we ruhy talaplaryny kanagatlandyrmak, olaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaklaryny guramak, dürli hünärlere ugrukdyrmak we hünäri oýlanyşykly saýlap bilmeklerini guramak arkaly goşmaça bilim berilýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, tebigy-ylmy we ekologiýa, tehnologiýalar binýatly ylmy-tehniki, dil, medeni miras we milli senetçilik, etika-estetika, çeper döredijilik we durmuş, medeni-guramaçylyk, bedenterbiýe we sport ugurly gurnaklarda çagalaryň orta mekdeplerde alan bilimleriniň has-da çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigi nygtaldy.

Çykyşlaryň dowamynda halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak ugrunda alnyp barlan işler barada hem durlup geçildi. Şeýle hem bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýerine ýetirilýän işlere üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň meşhur ylym-bilim merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy barada aýdylyp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijesinde 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «UNITWIN» halkara maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylandygy, Aşgabat şäherinde we welaýatlardaky umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizilendigi nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.


 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy