Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda 156 müňe golaý çaga «Bilimli» noutbuklary sowgat berler

Şu ýyl Türkmenistanda 1-nji synpa okuwa barjak 155 müň 641 çaga «Bilimli» haryt nyşanly milli noutbuk kompýuterleri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgat berler. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada maglumatlar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 23-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine ýurtda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 1-nji awgusta çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki taýdan hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy, şeýle-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berlipdi. Şondan bäri geçen döwrüň dowamynda bu ugurda depginli işler alnyp barlyp, degişli wezipeler doly ýerine ýetirildi.

Şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalara döwlet Baştutanynyň adyndan sowgat beriljek 155 müň 641 sany «Bilimli» haryt nyşanly noutbuk kompýuterleriň ýarysyny — 77 müň 821-sini Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti taýýarlady.

Birinji synpa okuwa gitjek çagalara berilýän noutbuklaryň galan ýarysy, ýagny 77 müň 820-si bolsa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilip, üpjünçilik işleri doly ýerine ýetirildi. Bu kärhana tarapyndan öndürilen degişli möçberdäki «Bilimli» noutbuk kompýuterleri Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle-de Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 1-nji synpa okuwa barjak körpelere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat hökmünde gowşurylar. «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy eýýäm iýul aýynyň soňky ongünlüginde ýurduň agzalan sebitleriniň bilim edaralaryny degişli möçberdäki kompýuterler bilen doly üpjün etdi.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bolsa ýurduň Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlary boýunça üpjünçilik işleri doly ýerine ýetirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy dekabryndaky degişli Karary esasynda, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň çäginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy mynasybetli, bu ýerde 1-nji synpa okuwa barjak körpelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan sowgat hökmünde gowşurmak üçin «Bilimli» haryt nyşanly milli noutbuk kompýuterleriň 100-si «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilip, üpjünçilik işleri üstünlikli amala aşyryldy.

Şu ýyl öndürilen «Bilimli» noutbuk kompýuterleri geçen ýyllardakydan tapawutlanýar. Bu ýylky önümçilikde okuwçy kompýuteriniň umumy ýady 128 Gb, operatiw ýady bolsa 4 Gb-e çenli köpeldildi. Şeýle-de onuň batareýasynyň 5000 mA 3.7V Lithium-ion polimer, elektrik tok üpjünçiliginiň häzirki zaman standartlaryna gabat gelýän Micro USB, USB type-C zarýad beriji enjamy we täze görnüşli köpugurly sensor paneli ornaşdyryldy. Sensor paneliniň aýratynlygy barada aýdylanda, onuň özünde san şekilleri ýerleşdirilip, bu kalkulýator guralyny işletmezden peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

«Bilimli» noutbuklaryň programma üpjünçiligi babatda hem täzelikler bar. Bu kompýuterleriň ozalky görnüşlerinde çagalara oýun arkaly sanamagy we ýazmagy öwredýän programmalar ornaşdyrylan bolsa, täze görnüşinde bularyň üstüne körpelere ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny ündeýän oýun görnüşindäki programma hem goşuldy. Bu programmalaryň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň öz hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülendigi aýratyn bellärliklidir diýlip, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi TOPH we TOP taslamalarynyň ýagdaýyny ma...
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi TOPH we TOP taslamalarynyň ýagdaýyny maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Owganystan söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýär...
Türkmenistan we Owganystan söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýär
Türkmenistanyň we Gruziýanyň uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maslahatlaşyldy
Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi...
Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
Türkmenistan Eýranyň demirgazyk portlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürm...
Türkmenistan Eýranyň demirgazyk portlary bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti KHDR-nyň we Täjigistanyň ýolbaşçylaryny milli ...
Türkmenistanyň Prezidenti KHDR-nyň we Täjigistanyň ýolbaşçylaryny milli baýramlary bilen gutlady
Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçiriler...
Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçiriler
Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparlary özara göni gatnaşykl...
Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparlary özara göni gatnaşyklary ösdürmekçi
Türkmenistan bilen Eýran üstaşyr ýük daşamalaryny 20 million tonna ýetir...
Türkmenistan bilen Eýran üstaşyr ýük daşamalaryny 20 million tonna ýetirmekçi
Türkmenistan Hytaýyň Milli Energetika Dolandyryş Edarasy bilen hyzmatdaşlyg...
Türkmenistan Hytaýyň Milli Energetika Dolandyryş Edarasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar