Habarlar / Habarlar
«Soltan» restorany Awazada dynç alýanlary ýatdan çykmajak ertirlik naharlaryna çagyrýar

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Soltan» restorany ähli isleg bildirýänleri täze gününi datly we tagamly ertirlik nahary bilen başlamaga çagyrýar.

Hoşboý ysly kofe we ýakymly tagamlar bilen sazlaşýan arassa deňiz howasy ertirlik nahary üçin amatly atmosferany döredýär. Restoranyň tagamnamasynda adaty türk tagamlary, şeýle-de meşhur halkara ertirlik naharlary bar.

«Soltanyň» hünärmenleriniň belleýşi ýaly, restorana baryp görmek deňizdäki dynç alşyň üstüni täsin pursatlar bilen doldurar. Myhmanlar diňe bir lezzetli iýmitlerden däl, eýsem deňiz kenaryndaky «şypahananyň» dilde beýan edip bolmajak gurşawyndan lezzet alyp, bütin gün üçin energiýa toplarlar.

«Soltan» restorany «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň amatly ýerinde ýerleşip, oňa dürli myhmanhanalarda dynç alýanlar hem aňsatlyk bilen baryp bilerler. Restoran dürli tagamnamalary we ýokary derejeli hyzmatlary hödürlemek bilen, myhmanlary her günde kabul etmäge taýýardyr.

Restoran her gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli işleýär. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Telefon belgileri: +993 (64) 69 44 44, +993 (243) 5 90 99, +993 (243) 5 90 80, +993 (243) 5 90 70, +993 (243) 5 90 60, +993 (243) 5 90 50.

Şeýle-de okaň:

 


 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy