Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda ýylyň iň giň gerimli çagalar sergi-ýarmarkasy — «KidsExpo» tamamlandy

22-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň dürli künjeginden çagalardyr ene-atalary bir ýere jemlän «KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» atly ilkinji halkara sergi-ýarmarkasy tamamlandy. Bu çäre garaşylanyndan hem has uly şowhuna beslenip, maşgalalar üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi.

Sergi myhmanlara çagalar üçin ajaýyp oýunlary we güýmenje çäreleri bolan dürli görnüşli diwarlyklary hödürledi. Bu ýerde ýaşajyk myhmanlar täsin ýaryşlara gatnaşyp, şatlykly we gyzykly gurşawda özlerine täze dostlary tapdylar.

Forum zaly döredijiligiň we ylhamyň merkezine öwrüldi. Bu ýerde çagalaryň moda görkezilişi, şeýle hem çagalaryň terbiýesi we ösüşi boýunça ene-atalar üçin seminarlar hem-de ussatlyk sapaklary geçirildi. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda çagajyklaryň arasynda geçirilen emedeklemek boýunça ýaryş has-da täsirli pursatlara beslendi.

Animatorlaryň çykyşlarynyň hem-de ussatlyk sapaklarynyň işjeň häsiýete eýe bolmagy köp sanly çagalara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Sungat zolagynda körpeler özboluşly sungat eserlerini we şekilleri döretdiler, kiber zolakda bolsa häzirki zaman tehnologiýalary hem-de enjamlary bilen tanyş boldular.

Gatnaşyjylar we myhmanlar çärä ýokary baha berdiler. «Ynamdar» onlaýn markediniň wekili: «Her diwarlyk — dostlukdan we şatlykdan püre-pür, özbaşyna täze bir hekaýa mysaly» diýip belleýär. «Nur art school» bolsa «KidsExpo» sergisini «jadyly döredijilik dünýäsine syýahat» diýip häsiýetlendirdi, myhmanlaryň biri bolsa sergidäki «her bir çaganyň — mysaly täze gözýetimleri açýan gözlegçidigini» aýdýar.

«KidsExpo 2024» guraýjylaryň we myhmanlaryň isleglerini doly kanagatlandyrdy. Çagalaryň ýylgyryşlary hem-de ene-atalaryň hoşallygyny alamatlandyrýan ýüzleri çäräniň şowly geçendigini tassyklaýar. Oňa gatnaşanlar eýýäm indiki ýylda hem «KidsExpo» sergi-ýarmarkasynyň gapylaryny giňden açmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Guraýjylar bu ajaýyp çärä gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirýärler we indiki sergide hem didarlaşmaga umyt edýärler. «KidsExpo» diňe bir sergi hökmünde däl-de, eýsem arzuwlaryň hasyl bolýan we ajaýyp ýatlamalaryň döreýän ýeri hökmünde hakydalarda hemişelik galar.



Fotoreportaž: KidsExpo: ajaýyp jemleme

 


 

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy