Habarlar / Habarlar
Lebap welaýatynda ýaş mugallymlaryň 1040-a golaýy zähmet ýoluna başlady

Lebap welaýaty boýunça umumybilim berýän orta mekdepleriň 396 sanysy bolup, olaryň 4-si mekdep internatlarydyr. Şeýle hem welaýatda çagalar-ýetginjekler döredijilik öýleriniň 18 sanysy hereket edýär. Bu ýerlerde şu okuw ýylynda mugallymlaryň 21 müň 40-a golaýy ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bererler.

Gündogar sebitde mekdebe çenli bilim edaralarynyň 384 sanysy bolup, bu ýerlerde terbiýeçileriň we beýleki hünärmenleriň 4 müň 890-dan gowragy körpelere bilim-terbiýe berýärler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, täze okuw ýylynda ýaş hünärmenleriň 1040-a golaýy işe ýerleşdirilipdir we olara tejribeli mugallymlardan halypalar bellenilipdir. Şeýle hem welaýat boýunça aýratyn derslere ýöriteleşdirilen mekdepleriň 38 sanysy hereket edýär.

Welaýatda hereket edýän orta mekdepleriň, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde awgust aýynyň başyna çenli ýeňil abatlaýyş-bejeriş işleri doly tamamlanyp, täze 2024 – 2025-nji okuw ýylyna taýýar edilipdir.

Möwsümde umumybilim berýän orta mekdeplere döwlet býujetiniň hasabyna 300 tonna sementiň alnyp berilmegi mekdep binalarynda abatlaýyş-bejeriş işlerini ýokary hil derejesinde bellenilen möhletde ýerine ýetirmeklige şert döretdi.

Şeýle hem mekdepleriň 1-nji synplaryna kabul ediljek çagalar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgady – noutbuk kompýuterleriniň 30 müň 90 sanysy alnyp, olar degişli etrap bilim bölümlerine paýlanylyp berlipdir we şu ýyl mekdep bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek okuwçylara gowşurmaklyga taýýar edilipdir.

Täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek, okatmaklygyň döwrebap usullaryny durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen 19-njy awgustda öňdebaryjy bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda etrap-şäherler boýunça, 20-nji awgustda bolsa, welaýat derejesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen usuly-amaly maslahatlary geçirmeklige taýýarlyk işleri hem güýçli depginde alnyp barylýar.

Welaýatda täze okuw ýylyna badalga beriljek Bilimler we talyp ýaşlar gününde Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň «Alpan» obasynda 400 orunlyk, Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň «Olam» obasynda hem 960 orunlyk ähli amatlyklary bolan, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdepleriň täze binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berler.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy