Habarlar / Habarlar
Türkmenistanly boksçular Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşda alty medal gazandylar

Türkmenistanly ýetginjek boksçular ýakynda gazagystanly meşhur boksçy Bokenbaý Saktaganowyň ýadygärligine bagyşlanyp, Aktau şäheriniň «Dosan batyr» sport toplumynda geçirilen halkara ýaryşda medallaryň altysyna mynasyp boldular. Şunda türkmen türgenleriniň bir altyn, bir kümüş we dört sany bürünç medal gazanandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Dört döwletiň ― Türkmenistanyň. Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň wekillerini özünde jemlän halkara ýaryşda türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny 54 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Jeýhun Döwranow gazandy. 57 kilograma çenli agram derejäniň wekili Meýlis Şadurdyýew bolsa diňe final tutluşygyndaky garşydaşyndan ýeňlip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Şeýle hem ýaryşda 48 kilograma çenli agram derejesinde Hangeldi Lukmanow, 60 kilograma çenli derejede Mekan Sabyrow, 63,5 kilograma çenli türgenleriň arasynda Annageldi Jumamyradow we 67 kilograma çenli derejede Atageldi Seýidow dagylar bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmenistanly türgenleri bu abraýly ýaryşa ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysynyň uly tälimçisi Maksut Şeripow bilen milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Tenilbek Kumakulow taýýarlady. Halkara ýaryşa ildeşimiz Timur Halilowyň emin hökmünde gatnaşandygyny hem agzamak gerek.

Ýeri gelende aýtsak, ýetginjek bokçularymyz şu ýylyň dowamynda eýýäm ikinji gezek bu şäherde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşýarlar. Hut şu şäherde fewral aýynda geçirilen halkara ýaryşda hem ýetginjek türgenlerimiz Maksut Şeripowyň ýolbaşçylygynda 8 medal gazanmagy başarypdylar. Meýlis Şadurdyýew, Hangeldi Lukmanow we Mekan Sabyrow ýaly türgenlerimiz bolsa bu ýaryşlaryň ikisinde hem hormat münberine çykdylar.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy