Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Şu gün Türkmenistanda Hazar deňziniň güni giňden bellenilip, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky "Berkarar" myhmanhanasynda «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat hem geçirilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

"Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi her ýylyň 12-nji awgustynda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli hem-de «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistan Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriň giň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyz Hazar deňzini parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ekologiýa taýdan abadançylygyň mekanyna öwürmek babatda giň gerimli maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2002-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen birinji Hazar sammiti Hazarýaka döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmekde möhüm ädim boldy. Bu taryhy waka ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin berk binýat bolmak bilen, sebitde özara arkalaşykly hereket etmek üçin köp sanly meseleleriň çözülmegine uly badalga berdi. Hazar deňziniň sebiti boýunça birnäçe köptaraplaýyn resminamalaryň, şol sanda deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň hem-de Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýanyň taýýarlanylmagynda ilkinji Hazar sammitiniň wajyp ähmiýeti bardyr.

Hazarýaka ýurtlaryň arasynda bar bolan üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, olaryň ösüşine itergi berjek söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Bu forum ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän täze ugurlaryny ýüze çykardy. 2022-nji ýylda Aşgabat şäherinde altynjy Hazar sammitiniň geçirilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmekde möhüm ädim boldy we Hazaryň ekologiýasyny gorap saklamak boýunça derwaýys wezipeleri öňde goýdy.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Hazar deňziniň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dostlugyň deňzi bolmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirýär. Biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat, söwda ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydyr.

Hazar deňziniň gurşawyny gorap saklamak, sebitde ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler bäş döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar. Hazar deňzi we onuň daşky gurşawy ýüze çykýan dürli wehimlere, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara duýgur özboluşly tebigy toplumdyr. Bu ugurda Türkmenistan sebitiň ähli ýurtlaryny we gyzyklanma bildirýän halkara guramalary Hazaryň baý ekoulgamlaryny, özboluşly biologik köpdürlüligini ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çagyrýar. Hazar sebitindäki ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy babatda jikme-jik we ýokary derejede gatnaşyk etmek üçin «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibi öňe sürdük. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň ýurtlaryň ekologik abadançylygyna gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmekde we geljekde has netijeli ädimleri bilelikde ätmekde möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän maslahatlar, medeni we sport çäreleri sebitde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň has-da berkidilmegine uly goşant goşar. Sizi Hazar deňziniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin".

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi