Habarlar / Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Sport ulag merkezine baryp gördi

Häzirki wagtda zähmet rugsadynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habarlar saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sport ulaglarynyň birini dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Awtoulag türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dolandyrmagynda çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini amala aşyrdy hem-de driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda Gahryman Arkadagyň ussatlygyny görkezdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysy bilen söhbetdeş boldy hem-de merkeziň çäginde döredilen ugurdaş desgalar toplumynyň özboluşly şäherçä öwrülendigini belledi.

Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe desgalar döredildi, onuň golaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem-de gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlary guruldy. Şeýle hem bu ýerde medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkez hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadag ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda awtomobil sportuna degişli desgalaryň we önümçilik toplumlarynyň gurulmagynyň maksadalaýyk hasaplanylmaýandygyny, ýaryş geçirilende ýokary tizlikde hereket edýän batly sesli awtoulaglaryň raýatlaryň rahatlygyny bozmazlygyny, şeýle hem bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, merkezi göçürmek teklibini öňe sürdi.

Merkeziň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine bu maslahatynyň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de merkeziň ähli işgärleriniň we gullukçylarynyň adyndan sagbolsun aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze toplumyň dörediljek ýeri kesgitlenilse, bu babatda öňe sürlen teklibi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýetirjekdigini aýtdy we Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysyna mundan beýläk-de uly ösüşleri, ýokary netijeleri gazanmak ugrundaky asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy