Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärleri Özbegistanyň gümrük taýdan resmileşdirmegi sanlylaşdyrmak tejribesi bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmegiň Merkezini döretmekde tejribesini öwrenmek we serhetýaka gümrük nokatlarynyň işi bilen tanyşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.

30-31-nji iýulda bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti gümrük taýdan resmileşdirmegiň Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň ýanyndaky Merkezine baryp gördi. Merkez 2023-nji ýylyň awgust aýynda açylyp, bu toplum maglumatlary gaýtadan işleýän merkezi, uzakdan elektron deklarirleme nokadyny, jaň merkezini, nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerini öz içine alýar. Merkeziň maglumatlar ulgamy daşary ýurt edaralarynyň, ýerli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň we awiakompaniýalaryň maglumat ulgamlary bilen utgaşdyrylandyr.

Uzakdan elektron deklarirleme nokadynda aralykdan berlen ýük gümrük deklarasiýalaryna, şeýle hem gümrük komitetiniň jaň merkeziniň «11-08» gyzgyn telefon arkaly we web-saýty arkaly alnan haýyşnamalardyr ýüztutmalara seredilýär. Nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak bölümlerinde gümrügiň 50 sany maglumatlar ulgamy, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň sanly maglumatlar ulgamy, şeýle hem daşary ýurtlaryň 30-dan gowrak edaralaryňdyr gümrük gulluklarynyň maglumatlary seljerilýär, töwekgelçiliklere baha berilýär we ýurduň ähli gümrük edaralaryny işine uzakdan gözegçilik edilýär.

Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary daşary ýurt ykdysady işiniň «Arkbulok» we «Çukursaý Teh kontora» nokatlaryna, şeýle hem «Ýallama» serhetýaka gümrük nokadyna baryp gördüler.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy