Habarlar / Habarlar
Daşoguzdaky hojalyk jemgyýeti polietilenden taýýarlanylýan haltalaryň önümçiligini ýokarlandyrýar

Daşoguz welaýatynyň senagat önümçiliginde netijeli iş alyp barýan «Bagt täji» hojalyk jemgyýetinde polipropilenden hem polietilenden öndürilen haltalaryň täze tapgyry ýörite şertnamalar esasynda sarp edijilere ugradylyp başlandy. 2024-nji ýylyň iýul aýynda bu ýerde ýokary hilli haltalaryň 60 tonna golaýy öndürilip, göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, häzirki bazar şertlerinde täzeçe iş alyp barýan hususy düzümiň önümçilik ulgamlary ýokary öndürijilikli kämil enjamlar, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Olaryň sazlaşykly hem utgaşykly işledilmegi bilen, bu ýerde her günde 1,5 — 2 tonna halta taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hojalyk jemgyýetiniň önümlerine islegler barha artýar, onuň eksport mümkinçiligi hem ýokarlanýar. Polipropilen we polietilen haltalaryň uly tapgyry Russiýa eksport edilýär.

Bu önümçilikde polipropilen hem polietilen çig mallaryny işläp taýýarlamagyň, olary iş ugurlarynda ulanylyş kadasyna getirmegiň öz tehnologiýasy bar. Bu ugurlar, tutuşlygyna diýen ýaly awtomatik usulda iş alyp barýar. Bu ýerde işçi-hünärmenleriň 25-si işleýär.

«Bagt täji» oba hojalyk pudagy bilen baglanyşykly täzeçe işleri ýola goýdy. Bu töwerekde ýeralma, pomidor, hyýar, sogan ýaly dürli azyklyk önümleri, miweleri ýetişdirýän daýhanlar kän. Şeýle bolansoň, hojalyk jemgyýeti öndürilen azyk önümleriniň 3 müň tonnasyny ýylyň ähli paslynda zaýasyz saklamaga niýetlenen ammary-da işe girizdi. Kuwwatly sowadyjylar, howanyň degişli derejesini saklaýan enjamlar bilen üpjün edilen ammarda kärendeçileriň, ýer eýeleriniň gök-bakja önümleri, dürli görnüşli miweleri terligine saklanýar diýlip, habarda bellenilýär.


 

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy