Habarlar / Habarlar
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde Niderlandlaryň kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň edara binasynda Agentligiň wekilleri hem-de Royal IHC Niderlandlar Patyşalygynyň kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Brýusselde geçirilen ýokary derejeli ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan, ileri tutulýan meseleleriň biri bolan Türkmenistanyň içerki suw ýollarynyň, deňiz we derýa kanallarynyň düýbüni çuňaltmak meselesi barada aýdylyp geçildi. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileriniň we läbik sorujylaryň bilelikdäki gurluşygy bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Agentligiň wekili myhmanlara agentligiň «Derýaýollary» paýdarlar jemgyýetinde döwrebaplaşdyrmaga degişli bolan gämi gurluşyk zawodynyň bardygyny, şeýle hem deňziň düýbüni çuňaldyjy gämilerdir läbik sorujylary gurmagynyň mümkinçiligi barada myhmanlara gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Royal IHC kompaniýanyň wekiliýeti «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp, Türkmenistanyň gämi gurluşyk pudagy bilen tanyşdylar.
1642-nji ýylda esaslandyrylan Royal IHC kompaniýasy, deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri we läbik sorujylary gurmak we taslamalaşdyrmak boýunça dünýäde öňdebaryjy kompaniýa bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu kompaniýanyň 90-dan gowrak läbik sorujylary ulanylýar.

Ozal «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň» Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygynda bolan iş saparynyň çäginde Royal IHC kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen deňziň düýbüni çuňaldyjy gämilerini gurmak boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna...
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze...
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi