Habarlar / Habarlar
Täjigistan Türkmenistanyň çäginden geçýän ugur boýunça synag otlusyny ugradar

Täjigistanyň ulag ministri Azim Ybrahym degişli müdirliklere we edaralara Türkmenistanyň çäginden geçýän ugur boýunça otly gatnawyny synag etmegi tabşyrdy. Has takygy, tabşyryk esasynda synag otlusy «Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe — Ýewropa» multimodal halkara ulag geçelgesiniň ugry boýunça hereket eder. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Çeşmede bellenilişine görä, ministr şol bir wagtyň özünde ýurduň demir ýol wagonlaryny we lokomotiwlerini kem-kemden täzelemek, pudagy sanlylaşdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek, Eýranyň Çabahar portunda logistika merkezlerini gurmak, ýük we ýolagçy gatnawynyň göwrümini hem-de hilini ýokarlandyrmak, täze üstaşyr demir ýollary gurmak barada hem tabşyryk beripdir.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň arasynda 2023-nji ýylyň maý aýynda Duşenbe şäherinde geçirilen gepleşiklerde ulag pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezilipdi. Şunuň bilen baglylykda, «Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ýaly täze multimodal halkara ulag geçelgelerini döretmegiň ähmiýeti nygtalypdy.

Mundan başga-da, ulag pudagyndaky mümkinçilikleri netijeli ulanmak 2023-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabatda geçirilen ilkinji Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan sammitiniň hem esasy temalarynyň biri boldy.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy