Habarlar / Habarlar
Täze kitabyň tanyşdyryş dabarasyna bagyşlanan çäre

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şanly wakalary peşgeş berýär. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan edilen taryhy ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininiň, jöwher paýhasynyň miwesi bolan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar halkymyzda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi.

2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hem-de Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde geçirilen çäre Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasyna bagyşlandy.

Bu dabara Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda gadymy şäheriň taryhy we medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýän - bu ajaýyp kitap barada Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik otrta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary çykyş etdiler. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabyň ýaş nesillerimizi watançylyk ruhda terbiýelemekde gymmatly hazyna bolup durýandygyny hem-de ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galmagynyň hatyrasyna alyp barýan işleriniň ylham çeşmesi bolup durýandygy üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç, galamynyň ýiti, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar
Türkmenistan we Azerbaýjan migrasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy