Habarlar / Habarlar
«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherindäki «Goşa çyrag» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan eli çeper zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi.

«Türkmen gündogary» gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşigiň bu tapgyryna welaýatyň dürli ýerlerinden eli çeper zenanlar gatnaşyp, türkmen milli keçesini taýýarlamakda, gadymy nagyşlary keçä salmakda ulanylýan usullar, gamyş dokamak, ýüňi saýmak, boýamak, daramak, keçelere salynýan nagyşlar we olaryň taryhy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

«Eminleriň biragyzdan gelen netijesine görä, Saýat etrabyndaky 4-nji çagalar bakja-bagynyň işgärleri Öwezgül Agajanowa bilen Şirin Akyýewa birinji, Halaç etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň işgärleri Mähri Ahmedowa bilen Güljahan Mustakowa ikinji, Kerki etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Läle Almazowa hem-de etrap medeniýet öýüniň işgäri Jeren Orazgeldiýewa üçünji orunlara mynasyp boldular» diýlip çeşmede bellenilýär.

Ýeňijilere Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Birinji orny eýelän zenanlar bu bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Lebap welaýatyna wekilçilik ederler.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy