Habarlar / Habarlar
Daşoguzda gowaça ekilen 140 müň gektar meýdana ideg edilýär

Tomus paslynyň häzirki günlerinde Daşoguz welaýatynda gowaçalara suw tutmak, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hapa-haşal otlardan arassalamak ýaly möwsümleýin işler agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, demirgazyk welaýatyň pagtaçy ýer eýeleri şu ýyl gowaça ekilen 140 müň gektar meýdandan 275 müň tonna hasyl ýetişdirmegi maksat edinýärler. Bejergi işlerinde dürli kysymly traktorlaryň 2 müňden gowragy sazlaşykly ulanylýar. Tehniki hyzmatyň guramaçylykly ýola goýulmagy gowaçalaryň kadaly hasyl toplamagyna oňaýly täsir edýär.

Welaýatyň Şabat, Görogly, Akdepe etraplarynda bol hasyl ýetişdirmegiň esasy şertleri bolan hatarara bejergisini geçirmek, boýy ýetýän gowaçalara suw bermek işleriniň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Akdepe pagtadan iň ýokary hasyl alynýan etrap hasaplanýar. Bu ýerde edermen pagtaçylaryň asylly zähmeti bilen, 32 müň gektar meýdana tohum sepilip, oňat gögeriş alyndy. Şu ýyl etrap boýunça 61 müň 100 tonna pagta öndürmek göz öňünde tutulýar.

Etrabyň 20-den gowrak daýhan birleşiginiň, 200 sany daýhan hojalygynyň meýdanlarynda şu günler bejergi traktorlarynyň 300-den gowragy bökdençsiz işledilýär.

Welaýatyň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçileri gowaça ekilen 7 müň 300 gektar meýdandan 14 müň 600 tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Daýhançylygyň ozaldan dowam edip gelýän ýörelgeleri häzirki döwrüň innowasion usullary bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Köneürgenç etrabynyň «Akgala», Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky, Boldumsaz etrabynyň «Döwletli», Şabat etrabynyň «Bossan» daýhan birleşiklerinde hem hasylyň berekedine bereket goşýan agrotehniki çäreler göwnejaý geçirilýär.

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy