Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň mukdary artdy

Türkmenistanda, 2024-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 102,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,7 göterim ýerine ýetirildi. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň garalýan döwürde Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 101,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,2 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 44, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 38 mejlisi geçirildi. Bu mejlisleriň barşynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine seredildi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 20,8 göterim artdy we jemi içerki önümiň 17,3 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.
Şeýle hem şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň görkezijileri barada aýdyldy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy