Habarlar / Habarlar
«Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça tapgyry geçirildi.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Balkan welaýat häkimliginiň, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen çärä günbatar sebitiň etraplaryndan we şäherlerinden deslapky gözden geçirilişlerde öňe saýlanan toparlar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Bu ýerde el işleriniň sergisi, sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazlar, folklor toparlarynyň çykyşlary boldy.

Bäsleşikde Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji hem-de 2-nji orunlara mynasyp bolan toparlary onuň ýurt derejesindäki jemleýji tapgyrynda çykyş etmek hukugyna eýe boldular.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy