Habarlar / Habarlar
Moskwada «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly konsert geçiriler

     2024-nji ýylyň 21-nji awgustynda «Dostlary ýygnaýarys» atly XVIII halkara aýdym-saz festiwalynyň çäginde P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly konsert geçiriler. Bu barada HHM habar berdi.

     Habarda bellenilişi ýaly, maksatnama şahyryň goşgulary esasynda taýýarlanan wokal we instrumental kompozisiýalary, şeýle hem şahyra bagyşlanan eserleri öz içine alar. Çäre kompozitor Mämmet Güseýinowyň guramagynda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň we Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň goldaw bermegi esasynda taýýarlanýar.

     Konserte meşhur türkmen we rus sazandalary gatnaşar. Bu ýerde Magtymgulynyň we beýleki türkmen şahyrlarynyň goşgulary esasynda nusgawy wokal kompozisiýalary ýerine ýetiriler. Myhmanlar kompozitor Ýuliý Meýtusyň «Magtymguly» operasyndan bölekleri, Weli Muhadowyň, Çary Nurymowyň, Jeren Kurbanklyçewanyň we Nury Halmämmedowyň Magtymgulynyň goşgulary esasynda döreden aýdym-saz toplumyndan bölekleri diňlärler.

     Konsert zalynyň eýwanynda şahyryň baý mirasyny görkezýän kitap sergisi guralar diýlip, habarda bellenilýär.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy