Habarlar / Habarlar
Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentini sentýabrda geçiriljek Geljegiň sammitine çagyrdy

Ozal habar berşimiz ýaly, 6-njy iýulda Aşgabatdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistana sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikler tamamlanansoň, Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda, Baş sekretar Antoniu Guterrişe Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny, bu şanly sene mynasybetli döredilen sowgatlyk nyşany we «Magtymguly» kitabyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hormat-sarpa üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň ajaýyp şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleriniň ähmiýetini nygtady.

Antoniu Guterriş Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek işinde işjeň orny eýeleýändigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň möhüm halkara başlangyçlaryny ilerletmekde mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Geljegiň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň ýolbaşçylaryna hem-de işgärlerine ýola goýlan netijeli dialog üçin sagbolsun aýtdy we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine däp bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Bu barada TDH ýazýar.

 


 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy