Habarlar / Habarlar
«EKSPO 2025» Bütindünýä sergisinde gurnaljak Türkmenistanyň Milli pawilýony tanyşdyryldy

Türkmen-ýapon işewürler forumynyň çäklerinde 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisinde gurnaljak Türkmenistan Milli pawilýonyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu bölümde Ýaponiýanyň «EKSPO 2025» Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu çykyş etdi. Ol öz çykyşynda häzirki wagtda «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisine taýýarlyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygynyň hemme düzgünlere we talaplara laýyk gelýändigini we öz wagtynda alnyp barylýadygyny nygtap, türkmen tarapyna bu çärä örän jogapkärli we işjeň gatnaşýandygyny aýtdy. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda türkmen tarapy Türkmenistanyň milli pawilýony üçin bölünip berlen ýer bölegini ilkinji ýurt hökmünde alandygyny we wagtynda gurluşyga başlandygyny aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň resmi potratçysy – «Belli» hojalyk jemgyýetiniň direktory öz çykyşynda Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň dizaýny-daşky keşbi, gurluşyk işleri bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli materiallar ulanylýar. Mundan başga-da Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýapon halkyna we daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň milli medeni baýlyklary, ahalteke atlary, milli el halylary, öndürilýän önümler, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri görkeziler hem-de türkmen milli naharlary, sowgatyk önümler hödürlener.

Forumyň ahyrynda Ýaponiýanyň Daşary Söwda işleri guramasynyň başlygynyň orunbasary çykyş edip, bu çäräniň ýapon tarapy üçin örän gyzykly we netijeli bolandygyny belledi.

Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriň işewürler forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Forumyň çäklerinde türkmen hem-de ýapon wekilliýetleriň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi.

Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna...
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilen OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze...
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi