Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň wekiliýeti «Lotfabad» gümrük nokadynda saparda boldy

Türkmen-eýran serhediniň eýran bölegindäki «Lotfabad» gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki döwletiň gümrük, serhet we migrasiýa gulluklarynyň, ilçihanalarynyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy resmi saýtynda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýeti «Lotfabad» gözegçilik-geçiriş nokadynyň infrastrukturasy, ýük daşaýan uly ulag serişdelerini barlamak üçin ornaşdyrylan rentgen gözegçilik-barlag enjamynyň işi, gümrük nokadynda ulanylýan sanly ulgam bilen tanyş edildi hem-de ol ýerde ýük awtoulaglar üçin niýetlenen duralga meýdançasyna we demirýol menziline barylyp görüldi.

«Lotfabad» gümrük nokadynyň mejlisler zalynda iki ýurduň serhet wekiliýetleriniň ikinji duşuşygy hem geçirildi. Bu duşuşykda «Artyk-Lotfabad» gümrük nokatlarynyň işini gyş möwsüminde iki sagat uzaltmak meselesi, özara maglumat alyşmak mehanizminiň işlenip taýýarlanmagy, iki ýurduň ýük daşaýan sürüjileri üçin wiza resmileşdirmek meselesi, bu gümrük nokadynyň üstünden geçýän demir ýoluň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapyndan halkara multimodal ýük daşamalary ýola goýlanda, demir ýol ulag serişdelerinde ýük daşamalaryň tertibi we bahalary boýunça teklipler berildi hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili şu ýylyň 1-nji iýunyndan Türkmenistanyň çägine getirilýän harytlar babatda elektron görnüşde deslapky maglumaty bermegiň ýola goýulandygy barada eýran tarapyna habar berdi.

Şeýle hem «Lotfabad» gümrük nokadynyň edara binasynyň öňünde, dikuçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykan Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini we Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany hatyralamak çäresi geçirildi. Bu ýerde wepat bolanlara ýadygärligiň açylyşy bolup geçdi.

TDHÇMB "Şahsy otag" ulgamyny netijeli ulanmak boýunça okuw sapagyny geçirer...
TDHÇMB "Şahsy otag" ulgamyny netijeli ulanmak boýunça okuw sapagyny geçirer
Türkmenistan–Eýran: onlaýn we offlaýn söwda meýdançalarynyň döredilme...
Türkmenistan–Eýran: onlaýn we offlaýn söwda meýdançalarynyň döredilmegi maslahatlaşyldy
Türkmenistan Ýewropa maýa goýum banky bilen ylalaşyk taslamasyny maslahatla...
Türkmenistan Ýewropa maýa goýum banky bilen ylalaşyk taslamasyny maslahatlaşdy
Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalary bilen ta...
Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalary bilen tanyşdyrdy
OGT 2025 gyzyklanmanyň ýokarydygy sebäpli hasaba alyş möhletini uzaldýar...
OGT 2025 gyzyklanmanyň ýokarydygy sebäpli hasaba alyş möhletini uzaldýar
Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklyklygyna uly jogapkärçilik bile...
Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklyklygyna uly jogapkärçilik bilen çemeleşer
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna ...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy
Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil kö...
Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanmaga berler
Türkmenistanda eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik ...
Türkmenistanda eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik güýçlendiriler
Prezident Serdar Berdimuhamedowa "Türkmenistanyň at gazanan arhitektory" ady d...
Prezident Serdar Berdimuhamedowa "Türkmenistanyň at gazanan arhitektory" ady dakyldy