Habarlar / Habarlar
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda galla oragy dowam edýär. Orak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumy taýýarlanylýar. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Ýygnalan galla hasylynyň kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagy üçin tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär.

Welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak bilen bir hatarda, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz hem-de gysga möhletde ýygnalyp alynmagynyň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany häkimlere Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlary bolelin üpjün etmek, şeýle hem şu ýylyň güýz paslynda azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň dowam edýändigi barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki ähmiýetli ornuny belledi hem-de häzirki wagtda bu pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany dowam edýän galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň, ýurduň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


 

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy