Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki» ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we bu kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Ýaponiýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň uzakmöhletleýin strategik hyzmatdaşy bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi we türkmen-ýapon işewürlik gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykyp, dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Olaryň arasynda Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Mary welaýatyndaky karbamid zawodyny we Keletedäki sement zawodyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Şeýle-de gurlan desgalary doly güýjünde işletmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça meýilnamalaryny göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň döreýändigi barada aýdyldy.

— Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bu ugurdaky anyk teklipleriňize seretmäge taýýardyrys — diýip, Gahryman Arkadag aýtdy we «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Işewürler wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin we özara bähbitlilik esasda hyzmatdaşlyk edýändigini nygtap, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de türkmen hyzmatdaşlaryna öz tejribesini, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary hödürlemäge taýýardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowişewürlere türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan şahsy goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.


 

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy...
Aşgabatda türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi açyldy
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini ...
Serdar Berdimuhamedow Astanada Aral deňzi boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bil...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Täjigistan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler...
«Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen täze üýtgetmeler barada
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çek...
Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki...
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy deňiz gämiçiligi ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy täzeleýärler
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Resp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy