Habarlar / Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri bilen duşuşdy

25-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain bilen duşuşdy. Duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň we ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndaky saldamly şahsy goşandy nygtaldy.

Jenap Rana Tanwir Hussainiň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünliklere eýe boldy. Täze Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir. Bu şäheri döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ulanylyp gurlan bu ajaýyp şäherde adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin şertler döredildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Pakistanyň ýokary ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan edip, halklarymyzyň taryhy-medeni umumylygyna esaslanýan we dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz bular barada aýtmak bilen, myhmanyň şu gezekki saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürjekdigine, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Pakistan Yslam Respublikasy Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Türkmen-pakistan gatnaşyklary özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli we köptaraplaýyn esasda ösdürmekde berk binýat bolup durýar. Şunda biziň ýurtlarymyz birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny özara goldaýarlar.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebitde bilelikdäki energetika we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişine, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we elektrik geçirijisiniň taslamalary uly ähmiýete eýedir. Bu iri düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge itergi berjekdigine hem-de parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirildi. Şunda Türkmenistanyň öz tarapyndan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleriň ilerledilmegini goldamaga taýýardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain iki ýurduň umumy abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassykladylar.

Özbegistan Hazar arkaly ýük daşamak üçin türkmen gämilerini satyn almakçy
Türkmenistan we Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar...
Türkmenistan we Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar
Türkmenistan bilen Hytaýyň Çunsin şäheriniň arasyndaky söwda dolanyşygy...
Türkmenistan bilen Hytaýyň Çunsin şäheriniň arasyndaky söwda dolanyşygy 193,3% ýokarlandy
“Arkadag Medisina Klasteri” özbek hünärmenleri we telekeçiler bilen hyzm...
“Arkadag Medisina Klasteri” özbek hünärmenleri we telekeçiler bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
Ýanwar–iýun: Azerbaýjan Türkmenistandan 187 mln kub metr gaz import etdi...
Ýanwar–iýun: Azerbaýjan Türkmenistandan 187 mln kub metr gaz import etdi
Türkmen ilçisi Koreýa Respublikasynyň täze Premýer-ministri bilen duşuşd...
Türkmen ilçisi Koreýa Respublikasynyň täze Premýer-ministri bilen duşuşdy
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan bilelikdäki kärhanalary döretmek ba...
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan bilelikdäki kärhanalary döretmek barada ylalaşdylar
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan täze resminamalar toplumyna gol çekd...
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan täze resminamalar toplumyna gol çekdiler
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentlerine sowga...
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentlerine sowgat gowşurdy
Özbegistan Hazar deňzi arkaly ýük daşamagyny ösdürmek islegini bildirdi...
Özbegistan Hazar deňzi arkaly ýük daşamagyny ösdürmek islegini bildirdi