Habarlar / Habarlar
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär

2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýany we Hereketleriň meýilnamalaryny täzelemek hem-de Biodürlülik hakynda BMG-niň Konwensiýasy boýunça Ýedinji milli hasabaty taýýarlamak boýunça Ählumumy taslamasynyň çäklerinde milli seminar geçirilýär.

Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen geçirilýär.

Iki günlük seminaryň dowamynda Türkmenistanyň 2026–2035-nji ýyllar üçin biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy, şeýle hem Biodürlülik hakynda BMG-niň Konwensiýasynyň çäklerinde milli hasabatlylygy taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Çärä döwlet edaralarynyň, ylmy edaralaryň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Biodürlüligi gorap saklamak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we durnukly ösüş meselelerine aýratyn üns berilýär.

Şeýle hem gatnaşyjylar Biodürlülik hakynda BMG-niň Konwensiýasy boýunça Türkmenistanyň Ýedinji milli hasabatynyň, şeýle-de Kartahena we Naýrobi protokollary boýunça ýöriteleşdirilen milli hasabatlaryň taslamalary bilen tanyşdylar.

Seminaryň geçirilmegi Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we biodürlüligi gorap saklamak babatda ýurduň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Çeşme:https://mfa.gov.tm/

Türkmenistan we Azerbaýjan migrasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi