Habarlar / Habarlar
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, 2026-njy ýylyň 20–29-njy iýuly aralygynda Türkmenbaşy şäherinde Balkan welaýatynyň toparlarynyň arasynda futzal boýunça «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi.

Ýaryş Balkan welaýatynyň Futbol federasiýasy, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty we «Deňizçi» futzal topary tarapyndan bilelikde guraldy. Sport çäresi «Deňizçi» futzal toparynyň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň futzal boýunça milli ligasyndaky arakesme döwründe geçirildi.

Ýaryşyň esasy maksady futzaly ösdürmekden, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaga bolan höwesini ýokarlandyrmakdan, şeýle hem Balkan welaýatyndaky edaralaryň, kärhanalaryň we kompaniýalaryň işgärleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekden ybarat boldy.

«Deňizçi» kubogy ugrunda geçirilen ýaryşa Türkmenbaşy şäheriniň we Balkan welaýatynyň dürli edaralaryna, kärhanalaryna hem-de kompaniýalaryna wekilçilik edýän toparlar gatnaşdylar. Olaryň hatarynda:

  1. «Deňizçi» — Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Türkmenistanyň milli futzal ligasynda çykyş edýän topary;
  2. «Gorag gullugy» — Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärlerinden düzülen topar;
  3. «Gadamly» — «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň topary;
  4. «TNGZIT» — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň topary;
  5. «Serhetçi» — Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Türkmenbaşy şäherindäki degişli bölüminiň topary;
  6. «Ýaşlyk» — Balkan welaýatynyň sport ulgamynyň ýaşlar topary;
  7. «Altyn Asyr» — Türkmenbaşy şäherindäki aragatnaşyk kärhanalarynyň topary;
  8. «Petronas» — «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň topary;
  9. «At-Abraý» — «At-Abraý» ulag-logistika kompaniýasynyň topary çykyş etdi.

Ýaryşyň dowamynda toparlar ýokary sport taýýarlygyny, tertip-düzgüni, ýeňşe bolan erki we hakyky toparlaýyn agzybirligi görkezdiler. Geçirilen duşuşyklar oýunçylara öz ussatlygyny görkezmäge, janköýerlere bolsa gyzykly we çekeleşikli futzal duşuşyklaryna tomaşa etmäge mümkinçilik berdi.

Ýaryşyň aýgytlaýjy final duşuşygy 29-njy iýulda «Deňizçi» bilen «At-Abraý» toparlarynyň arasynda geçirildi. Dartgynly we çekeleşikli geçen duşuşykda «Deňizçi» topary garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Şeýlelikde, «Deňizçi» topary ýaryşyň ýeňijisi bolup, «Deňizçi» kubogyna mynasyp boldy. «At-Abraý» topary ikinji orny eýeledi. Üçünji orun ugrunda «TNGZIT» bilen «Serhetçi» toparlary duşuşdylar. Duşuşygyň netijesinde «TNGZIT» topary ýaryşyň üçünji ornuny eýeledi.

Ýaryşyň jemleri boýunça dabaraly sylaglamak çäresi geçirildi. Ýeňiji hem-de baýrakly orunlary eýelän toparlara kuboklar, hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýaryşyň dowamynda tapawutlanan oýunçylaryň sport ussatlygyna mynasyp baha berildi.

Bu ýeňiş «Deňizçi» futzal topary üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy. Sebäbi ol toparyň döredilmeginiň 15 ýyllyk şanly senesi bilen gabat geldi. «Deňizçi» topary geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň futzal boýunça milli ligasynda deňiz-ulag ulgamyna mynasyp wekilçilik edip, futzalyň ösdürilmegine, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine we toparlaýyn ruhuň berkidilmegine goşant goşup gelýär.

Balkan welaýatynyň Futbol federasiýasynyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hem-de «Deňizçi» futzal toparynyň wekilleri ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine goşant goşan ähli toparlara, eminlere, janköýerlere we hyzmatdaşlara hoşallyk bildirdiler. «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş sportuň diňe bir bäsdeşlik däl, eýsem dostlugy, agzybirligi we özara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm serişdesidigini ýene-de bir gezek görkezdi.

Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy