Habarlar / Habarlar
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 28-nji dekabryndaky 1630 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2026-njy ýylyň iş meýilnamasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň    24-nji iýulynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy jogapkär ýerine ýetiriji hökmünde Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy geçirildi. Toplumlaýyn türgenleşik okuwynyň maksady:

-         Hazar deňzinde ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda ýerine ýetirilmeli hereketleri aýdyňlaşdyrmak;

-         Raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň özara sazlaşykly hereketleriniň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegini gazanmak;

-         Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda çekiljek güýçleri we serişdeleri takyklamak hem-de olaryň herketleriniň galjaňlygyny gazanmak;

-         Toplumlaýyn türgenleşik okuwyna gatnaşýan Raýat goranyşyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň özara bilelikdäki sazlaşykly hereketlerini kämilleşdirmegi gazanmak.

            Toplumlaýyn türgenleşik okuwy üç tapgyrda geçirildi. Türgenleşik okuwynyň meýilnamasyna laýyklykda Türkmenbaşy şäherinde Hazar deňziniň türkmen böleginde gurnalan nebit-gaz gazyp çykarýan “Jygalbeg” käniniň Ždanow-A platformasynda nebit dökülmesi ýüze çykýar. Hadysa barada Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky “Gämi dolandyryş merkezi” binasyndaky operator habary kabul edip Raýat goranyşyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklaryna dessin habar berýär. Ýüze çykan adatdan daşary ýagdaýlaryň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak we olaryň zyýanlaryny peseltmek boýunça Raýat goranyşynyň ýolbaşçy düzümleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň dolandyryş merkezine ýygnanyşýarlar we anyk wezipeler kesgitlenýär hem-de degişli çözgütler kabul edilýär. Meýilnama boýunça gulluklar hem-de edara-kärhanalar tarapyndan çekiljek güýçler we serişdeler boýunça hasabatlar gözden geçirilýär. Çözgütler kabul edilýän döwründe platformada dörän ýangyny we deňziň nebit bilen hapalanan meýdanyny anyklamak we hasaba almak üçin deňizde ýörite tirkeg gämisi bilen Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň işgärleri hadysanyň dörän ýerinde aňtaw gözegçilik işlerini geçirýär we hadysanyň dörän ýerindäki deňiz giňişliginde suwuň hilini barlamak üçin synaglary alýarlar. Degişli çözgütler kabul edilen badyna hadysanyň dörän koordinatasyna deňizde çekilýän güýçler we serişdeler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Deňizde awariýa halas ediş gullugy bilen bilelikde wezipä girişýärler we hadysanyň dörän ýerinde deňiz giňişligine dökülen nebiti ýygnamak üçin bon germewleri gurnalýar. Adatdan daşary ýagdaýlaryň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak we zyýanyny ýok etmek boýunça Raýat goranyşynyň başlygy ýolbaşçy düzümden geçirilen abatlaýyş-bejeriş, dikeldiş işleri barada maglumatlary anyklaýar, hasabatlary kabul edýär we ýetirilen ýitginiň möçberini anyklaýar we Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparyna hasabat we teklipleri berýär. Geçirilen toplumlaýyn türgenleşik okuwy boýunça Raýat goranyşynyň başlygy tarapyndan Hazar deňzinde ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda ýerine ýetirmeli hereketleri anyklamak we çözgütleri kabul etmek boýunça “Taýýar” diýilip ýokary baha berildi.

«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy