Habarlar / Habarlar
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.Duşuşyga iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew, gazak tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Apparatynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýew ýolbaşçylyk etdi.Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, nebit-gaz, oba hojalygy, ylmy-tehniki hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar.Iki döwletiň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklarynda durnukly oňyn ösüşiň gazanylýandygy bellenildi. Şeýle hem özara önüm üpjünçiliginiň möçberleriniň ep-esli artýandygy nygtaldy.Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde türkmen-gazak işewürler forumy geçirildi. Oňa iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä Türkmenistandan öňdebaryjy 40-a golaý kompaniýanyň hem-de Gazagystanyň işewür toparlarynyň we ösüş institutlarynyň 100-den gowrak wekiliniň gatnaşandygy bellenildi.Forumyň dowamynda gazak tarapy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryny hödürledi. Aýratyn-da, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk pudagy, farmasewtika we oba hojalyk önümçiligi ugurlarynda önümleriň üpjünçiligini ösdürmäge aýratyn üns berildi.Öz gezeginde türkmen işewürleriniň wekilleri gazak kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.Çäräniň çäklerinde birnäçe anyk ylalaşyklar gazanyldy:— «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkezi» paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Memorandumyna gol çekildi;— elektron söwda ulgamynda gazagystanly «Silk Way Asia Trade» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketi bilen türkmen kompaniýalary «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti we «Gamma» hususy kärhanasynyň arasynda ylalaşyklar baglaşyldy;— maýa goýum-gurluşyk pudagynda «Ashra Solutions» TОО bilen «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk gol çekildi.Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň, sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi