Habarlar / Habarlar
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk boýunça federal ministrliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygy Elizabet Waýssenbýögiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.Mejlise gatnaşyjylar ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine oňyn baha bermek bilen, senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, ekologik taslamalar we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk, ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.«Ýaşyl» ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, emeli aň ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde aýratyn nygtaldy. Şäher infrastrukturasyny ösdürmek, suw arassalaýjy tehnologiýalar, bank ulgamy babatda hem gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirilýär.Türkmen-awstriýa jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda medeni dialog yzygiderli ösdürilýär. Aşgabatda Wena ballarynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bilim ulgamynda ylmy merkezleriň, edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri hem duşuşykda garalan esasy ugurlarynyň hatarynda boldy.Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisiniň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, işewür toparlarynyň agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder